Ýakynda, Mary şäherinde energiýa tygşytlylygy we energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty galyndylary goşmaça energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary taýýarlamagyň halkara tejribesini öwrenmek boýunça okuw seminary geçirildi.
Bu seminar BMGÖM bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy.
Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri, şeýle hem BMGÖM-iň Türkmenistanyň durnukly şäherleri boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara geňeşçileri gatnaşdylar.
BMGÖM-iň metbugat gullugynyň habaryna görä, çykyşlaryň dowamynda Energetika ministrliginiň, Döwlet energetika institutynyň we BMGÖM-iň taslamasynyň hünärmenleri bilen bilelikde energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda Ösüşiň Milli strategiýasy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdyryldy.
Gatnaşanlar BMGÖM-iň «Durnukly şäherler» taslamasynyň galyndylara çemeleşmek we olary dolandyrmak ugrundaky işleri, galyndylaryň nol usuly we galyndylary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak mümkinçiligi bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, Döwlet energetika instituty bilen ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa tygşytlylygyny we energiýa netijeliligini ösdürmek boýunça taslamasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.