Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky grantlary we talyp haklaryny döretmegi teklip etdi

15:2316.09.2023
0
70702
Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky grantlary we talyp haklaryny döretmegi teklip etdi
Surat: president.uz

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň zehinli ýaşlaryny goldamak üçin Magtymguly adyndaky grantlary we talyp haklaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde eden çykyşynda Al-Horezmi, Al-Faraby, Jamy, Magtymguly, Çingiz Aýtmatow ýaly Merkezi Aziýa sebitinde dörän beýik akyldarlaryň, alymlaryň we filosoflaryň adyny göterýän ylym we bilim pudagynda zehinli ýaşlar üçin sebitleýin grantlary we talyp haklaryny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, özbek Lideri sebitiň ýaşlarynyň bilimlerini we başarnyklaryny ösdürmek bilen bagly käbir tekliplerini beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, ýaşlary kämillige ýeten hünärmenler hökmünde taýýarlamak, iş bilen üpjün etmek üçin edilýän tagallalary birleşdirmek, şeýle-de degişli halkara guramalaryň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýaşlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we olaryň halkara taslamalara gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin birleşdiriji merkez döretmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň