Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy

15:3715.09.2023
0
61723

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi tamamlanandan soňra, 15-nji sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Aşgabada ugrady. Bu barada «Howar» täjik neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentini Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda hem-de beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Täjigistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmon bilen duşuşyp, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Mundan başga-da, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň Baştutanlary bilen bilelikde «Dostluk agşamy» atly dabaraly gala konserte tomaşa etdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisine tomaşa etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň