Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbede Serdar Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi

12:3714.09.2023
0
32337

Habar berşimiz ýaly, şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen täjik Lideri Emomali Rahmonyň arasyndaky ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Täjigistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon geçiriljek sammitleriň netijeleriniň sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Duşuşykda taraplar söwda we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşylga ýokary baha berdiler hem-de bar bolan mümkinçilikler esasynda hyzmatdaşlygy täze derejeler çykarmak dogrusynda pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň