Soňky habarlar

Arhiw

Portugaliýada köçeden çakyr derýa bolup akdy

10:1212.09.2023
0
17839

Portugaliýanyň Anadiýa şäheriniň köçelerinden çakyr derýa bolup akdy, muňa çakyr öndürýän zawodda heläkçilik sebäp boldy diýip, JN neşirine salgylanýan «Mail.ru» habar berýär.

Içginiň müňlerçe litri şäherdäki «Destilaria Levira» çakyr zawodynda iki ätiýaçlyk çelegiň ýarylmagy netijesinde köçeleri doldurdy.

Wakanyň şaýatlary wideoşekiller arkaly gyzyl çakyryň köçeden akyşyny görkezdiler. Hasaplamalara görä, spirtli içginiň 2,2 million litri harap boldy. Häzir olary ýygnamak we hapa suwlaryň arassalanylýan stansiýasyna ibermek başartdy. Kärhananyň işgärleri çakyrdan ejir çeken şäher binalaryny arassalaýarlar.

Şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary Horhe Sampaýo çakyryň Sertima derýasyna düşmeginden ätiýaçlanandyklaryny, munuň ekologik heläkçilige getirip biljekdigini aýtdy.

«Destilaria Levira» kärhanasy ýetirilen maddy zyýan üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldy. Wakada hiç kim ejir çekmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň