Resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gabawa düşen Leningradyň ýaşaýjylaryny öz topragynda penalan türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde bina edilýän «Dostluk» ýadygärliginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada «Sankt-Peterburg» teleýaýlymy habar berdi.
Mundan başga-da, Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýetiniň agzalary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem gül goýarlar.
Ýeri gelende bellesek, saparyň dowamynda gubernator Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň «Wozroždeniýe» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlan infrastruktura desgalaryna hem baryp görer.