Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

11:3108.09.2023
0
27375
Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer
newscentralasia.net

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda söwda ýollary we demir ýol arabaglanyşyklary, gaz geçirijileri we üstaşyr söwda ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçikleri dogrusynda hem durup geçdiler.

APP habar gullugynyň ýazmagyna görä, Pakistan we Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmek hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Pakistanly ministr bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädimdigini bellemek bilen, söwda ýollaryny açmagyň we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Türkmen ilçisi hem öz gezeginde pakistanly kompaniýalary «akylly» Arkadag şäherini gurmak taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy. Möwlamow taslama üçin gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny Pakistandan eksport etmegiň geljegini barada hem belläp geçdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, federal ministr Pakistanyň Türkmenistanda geçirilen sergi çärelerine işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň