Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan TOPH taslamasy boýunça howpsuzlyk gurşawyny döretmäge taýýardygyny mälim etdi

11:1105.09.2023
0
19884
Owganystan TOPH taslamasy boýunça howpsuzlyk gurşawyny döretmäge taýýardygyny mälim etdi
Surat: ariananews.af

Owganystanyň Kabul şäherinde TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Oňa «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň we Owganystanyň magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan wekilleri gatnaşdylar.

«Ariana News» owgan elektron neşiriniň habar bermegine görä, 3-nji awgustda geçirilen duşuşygyň dowmynda M.Amanow taslamanyň soňky döwürde durmuşa geçirilişi bilen bagly ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda, mega taslamanyň amala aşyrylmagy üçin birleşdirilen tagallalaryň zerurdygyna üns çekildi.

Delawer TOPH taslamasy boýunça başy başlanan işlerde gowy görkezijileriň gazanylýandygyna kanagatlanma bildirip, şeýle belledi:

— Biz bu taslama boýunça zerur işlere başlamak isleýäris. Dört döwleti baglanyşdyrýan taslamanyň amala aşyrylmagy üçin, elbetde, ilkinji nobatda, ygtybarly howpsuzlyk gurşawyny döretmeli. Şu babatda Owganystan ähli zerur şertleri üpjün etmäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem bu taslamasynyň durmuşa geçirilişini çatlandyrmak üçin, ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň