14-nji sentýabrda Duşanbede «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak şertlerinde gender deňligine ýetmek» mowzugy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň sebitleýin duşuşygy geçiriler.
Duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçiriler diýip, «Дунё» täjik habarlar gullugy habar berýär.
Oňa Türkmenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan resmi wekiliýet gatnaşar.
Duşuşyk «Howanyň üýtgemegine we Merkezi Aziýadaky tebigy betbagtçylyklara uýgunlaşmak şertlerinde gender deňligine ýetmek» we «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýada daşky gurşaw başlangyçlary» atly iki bölümden ybarat bolar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň agzalarynyň we Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmi wekiliýetleriniň sebitleýin ýygnagyna gatnaşyjylaryň ýurduň Milli muzeýinde halk senetleriniň sergisi bilen tanyşmagyna garaşylýar. Şeýle hem «Kohi Navruz» toplumyna barlyp görüler we «Dostluk agşamy» medeni maksatnamasyna gatnaşylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň duşuşygynyň 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilendigini ýatladýarys.