Habar berşimiz ýaly, 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Arçman» şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygyna we degişli desgalaryň durkuny täzelemek işlerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şunuň bilen baglylykda, birnäçe taslamalaryň taýýarlanylýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň binalarynyň durkuny täzelemek işlerinde we täze desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
— Şunda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şypahananyň ähli çägi bagy-bossanlyga bürenmelidir. Aýratyn-da, gurluşyk işleri amala aşyrylanda bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, melhem suwly çeşmesine zeper ýetirilmeli däldir — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda öňe sürülýän talaplary yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

