«Ýüpek ýoly» halkara ýörişiniň Dunaýdan Orhuna barýan ýoly Türkmenistandan geçdi

12:2004.09.2023
0
42377

«Ýüpek ýoly: Dunaýdan Orhuna çenli» atly ilkinji halkara ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanda mähirli garşylandy.

«MIR 24» habar gullugynyň habaryna görä, bu awtoulag ýörişiniň esasy maksady Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Habar berilişi ýaly, Aşgabatda türgenleri ýerli häkimiýetleriň wekilleri mähirli garşy aldylar. Saparyň dowamynda ýörişe gatnaşyjylar şäheriň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.
Umuman alanyňda, ýaryş wagtynda awtoulag sürüjileri birnäçe ýurtdan geçip, takmynan 11 müň kilometr aralygy geçmeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň