Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy

13:0401.09.2023
0
46002

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyş dabarasy boldy

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara şahadatnamalaryň gowşurylyş çäresi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurdy.

Täze ýokary okuw mekdebi şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde Atly sporty boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan Halkara akademiýasy» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Katar atly sport federasiýasynyň we döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş kätibi Ahmad Nuh Al-Tani dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ozal Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasynyň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň