22—24-nji awgustda Gyrgyzystan Republikasynyň Bişkek şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň gümrük gulluklaryň we port gözegçilik toparlaryň agzalary üçin gender deňligi meselesini işjeňleşdirmek boýunça Sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.
Şeýle hem çärä Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň gümrük we beýleki edaralarynyň wekilleri, şol sanda zenan gullukçylar gatnaşdylar diýip, habarda bellenilýär. Sebitleýin okuw BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan geçirildi.
Okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gümrük edaralarynda gender syýasatynyň amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen paýlaşdylar, okuwa gatnaşyjylar zenan harby gullukçylaryň gatnaşmagynda wideo şekillere tomaşa etdiler.
Wekiliýetiň agzasynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyllar bäri gümrük edaralarynyň hatarynda zenan işgärler hem gulluk edip gelýär. Olar bikanun söwdanyň öňüni almak, gümrük tölegleriniň doly we dürs töletdirilmegi, gümrük statistikasyny ýöretmek boýunça wezipe borçlaryny üstünlikli berjaý edýärler, şeýle hem gümrük edaralaryna ornaşdyrylan ösen gümrük tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Gümrük gullugynyň zenan gullukçylarynyň hatarynda milli we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem bar diýlip, gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berilýär.