Soňky habarlar

Arhiw

«SPACEX» HKS-e halkara toparyny ýollady

18:0628.08.2023
0
27059

«SpaceX» amerikan kompaniýasynyň kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna ugrady diýip, «Habar 24» ýazýar. Gämi Falcon 9 göterijisi arkaly Floridadaky kosmodramdan uçuryldy.

Gämide ABŞ-dan, Daniýadan, Ýaponiýadan astronawtlar we Russiýadan kosmonawt bar. Olar älem stansiýasynda martdan bäri bolýan dört astronawty çalyşmaly we HKS-de ýarym ýyl işlemeli bolarlar. NASA edarasynyň maglumatlaryna görä, stansiýada barlaglar we ylmy synaglar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň