40 tonna ynsanperwer ýükli ýörite uçar Primorýe howa menziline baryp gondy. Türkmen tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde ugradylan uçary bu ýerde birinji wise-gubernator, sebitiň hökümetiniň başlygy Wera Şerbina garşylady.
Sebitiň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň IL-76 ýük uçary suw joşmasynda ejir çekenlere eşikleri, çaga iýmitlerini, ýassyklary we ýorganlary gowşurdy.
«Özümiň we tutuş Primorskiý kraý sebitiniň adyndan milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowa köp sag bolsun aýdýaryn. Bu hoşniýetlilikden we birek-birege hormat goýmakdan nyşandyr. Getirilen ýük biziň üçin gaty möhümdir. Bular ýorgan-düşek, çaga eşikleri we çaga iýmitleri» diýip, Şerbina belledi.
Şeýle hem ol suw joşmasynyň 72 şäherçä uly zyýan ýetirendigi, 5 müň töweregi maşgalany suw basandygy barada habar berdi. Häzirki wagtda sebit halkara ynsanperwer kömegini kabul edýär we bu ýere Russiýanyň ähli sebitlerinden azyk önümleri getirilýär diýip, çeşme habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda iberildi.