Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» AFK Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

13:2824.08.2023
0
42541

Türkmenistanyň «Ahal» toparynyň AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyldaky möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde çekilen bijä laýyklykda, «Ahal» «A» toparçada Özbegistanyň «Pahtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» we BAE-niň «Al-Aýn» toparlary bilen güýç synanyşar.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 18-nji sentýabrda başlanyp, 13-nji dekabrda tamamlanar. Yklymyň klublaryň arasyndaky iň abraýly ýaryşynyň 1/8 finalyna her zolagyň (Günbatar we Gündogar) bäş toparçasynyň ýeňijileri hem-de her zolakdan toparçada ikinji orny eýelän iň oňat üç topar ýollanma alar.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasy şu möwsümde ilkinji gezek güýz-bahar görnüşinde geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi 2024-nji ýylda geçiriljek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna hem-de turniriň indiki möwsümine gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň