Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler

11:4923.08.2023
0
21663

Düýn Hujand şäherinde geçirilen duşuşykdan soň Türkmenistanyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen geçiren duşuşyklarynyň sany 21-e çykdy.

Türkmenistana wekilçilik edýän toparlar şol duşuşyklaryň 9-syny «Hujand» bilen geçirdiler. Bu duşuşyklaryň agramly böleginiň türkmen toparlarynyň ýeňşi bilen tamamlandygyny aýtmak gerek.

Täjigistanyň «Istiklol», «Hujand», «Rawşan» we «SSKA-Pamir» toparlary dürli ýyllarda Türkmenistanyň «Altyn asyr», «Ahal», «Köpetdag», «Nebitçi» ýaly toparlarynyň garşydaşlary boldular.

Täjik toparlary AFK-nyň kubogynda türkmen toparlary bilen iň kän duşuşanlaryň hataryndadyr. Türkmenistanyň wekilleri yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 22, Täjigistanyň toparlary bilen 21 duşuşyk geçirdiler.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem bu iki döwletiň hersinden bir wekil bar. Diýmek, 20-nji sentýabrdan 14-nji dekabra çenli aralykda «Altyn asyr» we «Merw» Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň toparlary bilen ýene dört duşuşyk geçirerler.

Şu ýyl AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna Gyrgyzystandan «Abdyş-Ata», Täjigistandan «Rawşan» toparlary gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň