Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý mekany — uly toýlary we dabaralary bellemek üçin göwnejaý ýer

11:3117.08.2023
0
34762

Dabaraly toý, şowhunly ýubileý, oturylyşyk şagalaňy, sadaka bermek... Bu ýagdaýlar üçin «Ak Ýol» toý zaly örän laýyk gelýän ýerdir.

Aýdyň reňklerde, owadan görnüşde bezelen ajaýyp zal müň sany myhmany kabul edip biler, hünärmenler topary bolsa dabaraly dynç alşyňyzy ýatdan çykmajak pursatlara beslärler.

«Ak Ýol» — bu hyzmatyň ýokary derejesi, şeýle hem tejribeli baş aşpez tarapyndan taýýarlanan dürli görnüşli milli we dünýä aşhanalarynyň datly tagamlaryny öz içine alýan aşhanadyr. Bu ýerde geçirilýän islendik dabara baryp görmek ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Müşderiniň haýyşy boýunça, toý mekanynyň guramaçylary ussat alyp baryjynyň we meşhur aýdymçylaryň hyzmatlaryny ýetirýärler.

«Ak Ýol» toý mekanyna dürli dabaralary geçirmek üçin sargyt eden müşderiler goşmaça hyzmatlaryň we sowgatlaryň toplumyny alýarlar. Mysal üçin, zalyň bezegi, ses we yşyklandyryş enjamlary tölegsiz üpjün edilýär. Täze durmuş gurýanlar üçin şular bilen birlikde myhmanhanadan lýuks otag we «Linkoln» gelnalyjy awtoulagy üpjün edilýär.

Ýene bir sowgat — çagalar we dynç alyş baýramçylyk çäresini guramaga ýardam etjek tejribeli animatorlaryň çykyş etmekleri üçin aýratyn oýun meýdançasynyň bolmagydyr.

«Ak Ýol» toý zalynyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri-de, Türkmenistanyň tomusky yssy howa şertlerinde möhüm bolan kuwwatly howa sowadyjy ulgamynyň bolmagy. Bu şert tomusda toýa gelen myhmanlara hatda yssyda-da özlerini rahat duýmaga mümkinçilik berýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekany şu salgyda ýerleşýär: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň