Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Bahar» atelýesi baýramçylyk we gündelik milli lybaslaryny tikmek boýunça sargytlary kabul edýär

12:3116.08.2023
0
52876

Aşgabatdaky «Bahar» atelýesi türkmen milli äheňindäki özboluşly gündelik we baýramçylyk lybaslaryny – köýnekleri, penjekleri, donlary, ýapynjalary we beýlekileri tikmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

«Bahar» atelýesi milli äheňdäki döwrebap lybaslary taýýarlamakda 10 ýyllyk tejribä eýedir. Tejribeli tikinçiler çylşyrymlylygyna garamazdan, islendik biçüwli köýnekleri, şol sanda agşamlyk we toý lybaslaryny tikmek boýunça sargytlary alýarlar. Gyssagly sargytlary ýerine ýetirmek hem mümkindir.

Müşderileriň islegine görä, lybaslar el keşdesi, jähek, monjuk ýa-da bezeg daşlary (strazlar) bilen bezelýär. Atelýeniň hödürleýän görnüşleriniň hatarynda taýýar keşdeler bar, şeýle hem zerurlyk bolan ýagdaýynda atelýeniň dizaýnerleri geljekki lybasyň biçüwini, reňk öwüşginlerini we bezegini saýlamakda maslahat bererler.

«Bahar» atelýesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 14-nji tapgyr, G.Ezizow (öňki Sowhoznaýa) köç., «Çaga» binasy. Telefon: (+993 65) 64 13 54.

«Bahar» atelýesiniň sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň