Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow koreýaly kärdeşini gutlady

11:5515.08.2023
0
34404

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň