Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin rugsatnama almak boýunça arzalary kabul edýär

17:1714.08.2023
0
73470

«Türkmenawtoulaglary» agentligi edara görnüşli we şahsy taraplardan ýük awtoulag serişdesinde ýük daşamak üçin daşary ýurt döwletleriniň 2024-nji ýyl üçin rugsatnamalarynyň sargytnamalaryny kabul edýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi web sahypasynda habar berdi.

Arzalar 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Harytlary ýol bilen daşamaga rugsatnamalar halkara ugurlarda harytlary daşamak bilen meşgullanýan edara görnüşli taraplara we şahslara hökmany resminama bolup durýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: +99312390334, +99312390335, +99312390336
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň