Aşgabatdaky «Arslan Designer» atelýesi milli baýramçylyk lybaslaryny tikmek we kärendesine bermek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.
Atelýeniň tejribeli tikinçileri gyzlar we zenanlar üçin milli usulada baýramçylyk lybaslarynyň özboluşly nusgalaryny döredýärler. Olar milli ýa-da Ýewropa biçüwinde mahmaldan, parçadan, ýüpekden, keteniden taýýarlanan hem-de el keşdesi bilen bezelen köýnekler, ýapynjalar, çabytlar, penjekler, seçekli ýaglyklar we şallar, şeýle hem beýleki lybaslardyr.
«Arslan Designer-de» gelniň özi we maşgala agzalary üçin milli äheňde taýýarlanan toý lybaslaryny kärendesine almak ýa-da sargyt etmek, şeýle hem türkmen toýunyň üýtgewsiz bezegi bolan kürtäni – gelniň keşdeli nagyş we kümüş bilen bezelen milli lybasyny kärendesine almak mümkindir.
Mundan başga-da, «Arslan Designer» atelýesinde gelin üçin kümüş toý şaý-sepleri kärendesine hödürlenýär.
«Arslan Designer» atelýesi şu salgyda müşderilerine garaşýar: Aşgabat, Bitaraplyk şaýoly, «Maksat Mebel» binasy. Dükan sagat 8:00-dan 20:00-a çenli açykdyr. Telefon belgisi: (+993 65) 27 17 51. Sosial ulgamdaky sahypasy.