Türkmenistanyň 3х3 basketbol ýygyndysynyň GDA-nyň II oýunlarynda ýaryşjak düzümi belli boldy

23:3510.08.2023
0
31075

11-nji awgust güni Minsk şäherindäki «Palowa Arena» sport toplumynda GDA-nyň II oýunlarynyň çägindäki basketboluň 3х3 görnüşi boýunça ýaryşlara badalga berler.

Oýunlaryň baýragy üçin erkekler ýygyndylarynyň 8-si ýaryşar. Olar Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Belarusyň birinji we ikinji ýygyndylarydyr.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, her toparçanyň ýeňijisi gönüden-göni ýarym finala çykar. Toparçalarda ikinji we üçünji orunlary eýelän ýygyndylar bolsa ýaryşy çärýek finaldan dowam etdirerler.

Ýaryşda türkmen ýygyndysyna Toýly Baýryýew tälim berer. Ýygyndynyň düzümine Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew, Kirill Beş we Rejepgeldi Annamuhammedow dagylar girýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary (Aşgabat wagty bilen)

«A» toparça

  • Türkmenistan
  • Özbegistan
  • Täjigistan
  • Belarus-1

11-nji awgust (anna), Toparçalaýyn tapgyr

  • 17:25 / Türkmenistan – Täjigistan («А» toparça)
  • 18:40 / Türkmenistan – Belarus-1 («А» toparça)
  • 20.45 / Özbegistan – Türkmenistan («А» toparça)

12-nji awgust (şenbe), Pleý-off tapgyry

  • 12:50 Çärýekfinal (АЗ-B2)
  • 13:15 Çärýekfinal (А2-B3)
  • 14:40 Ýarymfinal (А1 - А3-B2 jübütiniň ýeňijisi)
  • 15:05 Ýarymfinal (B1 - А2-B3 jübütiniň ýeňijisi)
  • 16:00 3-nji orun ugrundaky duşuşyk
  • 17:00 Final

Türkmen ýygyndysynyň duşuşyklaryna «Belarus-5» teleýaýlymy ýa-da Belarusyň Basketbol federasiýasynyň YouTube-däki kanaly arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň