Aşgabadyň «Köpetdagy» Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde öz meýdanynda Marynyň «Energetiginden» 1:2 hasabynda asgyn geldi.
Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisinem Reşit Çerkezow geçirdi. «Köpetdagyň» ýeke-täk goluny bolsa Toýmämmet Sähetmämmedow öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, «Köpetdag» Ýokary liganyň şu möwsüminde üçünji gezek ýeňildi. 17 utukly topar ýaryş tertibiniň dördünji ornunda barýar. Bu ýeňişden soň utugyny 9-a çykaran «Energetik» bolsa altynjy orna göterildi.
«Köpetdag» indiki duşuşygyny 11-nji awgust güni «Arkadag» futbol topary bilen geçirer. «Energetik» bolsa 12-nji awgustda «Şagadamyň» myhmany bolar.
«Köpetdag» ― «Energetik» ― 1:2.
Gollar: Toýmämmet Sähetmämmedow 64 ― Reşit Çerkezow 44, 62.