Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklibiň» önümleri we hyzmatlary Aşgabadyň hem-de Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir

10:3108.08.2023
0
40549

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli aýna önümleriniň, şeýle hem alýumin we plastik (PWH) penjire hem-de gapy çarçuwalarynyň, goşa aýnaly penjireleriň önümçiligine ýöriteleşendir. Kompaniýanyň hyzmatlary Aşgabadyň we ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir.

Taplanan aýnadan taýýarlanan duş kabinalary we hammam otaglarynyň gapylary, germewler, , PWH-dan we alýuminden ýasalan penjire hem-de gapy çarçuwalary, goşa aýnaly penjireler, şeýle hem reňkli aşhana «örtükleri», aýna we aýna mozaikalary, reňkli aýnadan witražlar ýerli gurluşyk materiallarynyň bazarynda uly abraýa eýe boldular.

Türkmenistanlylaryň aýna gurluşlaryň we olaryň bezeginiň görnüşlerini, şol sanda dury ýa-da dury däl (matowyý) aýnaly nusgalary, şeýle hem ultramelewşe çap usulynda surat ýerleşdirilen aýnalary saýlamakda uly mümkinçilikleri bar.

Kompaniýa taýýar önümleri Aşgabadyň çägine mugt eltip berýär we beýleki welaýatlara hem eltip bermek hyzmatyny guraýar (tölegli). «Anyk Teklip» öz müşderilerine amatly arzanladyş ulgamyny hödürleýär, şeýle hem möwsümleýin aksiýalara we arzanladyşlara gatnaşmagy teklip edýär.

«Anyk Teklibiň» önümleri bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zerger köçesi, 3-nji jaý. Telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň