Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-ni Merkezi Aziýada we Mongoliýada ölüm jezasyndan azat zolak hakynda Şertnamany kabul etmäge çagyrýar

23:5407.08.2023
0
38532

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde halkara hukuk resminamasyna — «Merkezi Aziýada we Mongoliýada ölüm jezasyndan azat zolak baradaky Şertnama» garamagy teklip eder. Bu barada şu gün Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen Türkmenistanyň ileri tutulýan wezipelerinde beýan edilýär.

Resminamada Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ölüm jezasyny ýatyran ilkinji döwlet bolandygy, indi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ölüm jezasyndan azat ilkinji sebit bolmak mümkinçiliginiň bardygy bellenilýär.

«Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebiti we Mongoliýa üçin «Merkezi Aziýada we Mongoliýada ölüm jezasyndan azat zolak hakynda Şertnama» halkara hukuk resminamasynyň işlenip düzülmegine we kabul edilmegine garamagy teklip edýär. Geljekde şeýle resminama dünýäde ölüm jezasynyň ýatyrylmagyny öňe sürmek maksady bilen bu sebitiň başlangyjy esasynda Ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky konwensiýanyň işlenip düzülmegine we kabul edilmegine esas döredip biler» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan wezipelerinde aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy 12-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň