Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin üstümizdäki awgustda Türkiýä sapar bilen baryp biler. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan anna güni žurnalistlere habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Ärdoganyň sözlerine görä, häzirki wagtda taraplar saparyň anyk möhletini ara alyp maslahatlaşýarlar.