Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň ýüpek kärhanasy 70 million manatdan gowrak önüm öndürdi

09:4405.08.2023
0
34871

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda 70 million 97 müň 304 manatlyk önüm öndürildi.

Jeyhun.news-iň ýazmagyna görä, şu döwürde çig ýüpegiň 70 tonna golaýy, nah we ýüpek matalaryň 22 müň 145 inedördül metri öndürildi.

Şeýle-de ýüpek halylaryň 21 inedördül metri dokaldy. Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça çig ýüpegiň 10 tonnasy eksport edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň