Ruslan Mingazow: “Hindistanyň we Guamyň ýygyndylaryna garşy duşuşyklar öňdebaryjylaryň yzyndan ýetmäge ajaýyp mümkinçilik”

17:1303.10.2015
0
9029

“Maňa bu barada ýazmak ýeňil düşmese-de, siz bilen pikirimi paýlaşman biljek däl. Saglyk ýagdaýym we lukmançylyk barlaglary netijesinde “Ýablones” toparynyň ertirki, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňdäki iki oýuny sypdyrmaly bolýan. Durmuşda garaşmaýan wajyp pursatlar bolýar. Ýöne, gynansak-da, ähli zady öňünden görmek mümkin däl we käte meseläni saňa derek emele gelen ýagdaý çözýär. Men — milli ýygyndynyň muşdagy. Men öz ýurdumy söýýärin we goý, öňde boljak Hindistana we Guama garşy oýunlarda Allatagala bize kömek etsin. Hormatly futbol söýüjiler, siz maňa düşünersiňiz diýip umyt edýärin” — diýip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň we Çehiýanyň “Ýablones” toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow öz internet ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Biz şu gün Ruslan Mingazow bilen internet arkaly habarlaşyp, ondan birnäçe sowala jogap bermegini haýyş etdik.

—Ruslan, saňa näme boldy? Bu şikesiň netijesimi? Saňa saglygyňy dikeltmäge näçeräk wagt gerek bolar?

—Näme bolandygy barada hiç zat aýdasym gelenok. Bu şikes däl, kesel. Ony bejermek üçin bedene agram salmazdan, antibiotiklerden we asma sanjymdan peýdalanmaly bolar.

—Ýygyndy toparymyza Omanda şowlurak çykyş etmäge näme ýetmedi?

—Ýygyndymyza ilkinji nobatda howa şertleri päsgel berdi. Omandaky ýaly çyglylygy men köp wagt bäri göremok. Ikinjiden bolsa oglanlarymyza birek-birege düşünişip oýnamak meselesem o diýen däl. Ýöne özümizi aklasym gelenok: Maskatdaky oýun biziň isleşimizçe gitmedi.

—Siz 1:3 hasabyndaky bu ýeňliş üçin internet arkaly janköýerlerden ötünç soradyňyz. Maskatdaky şowsuzlykda anyk öz günäňizi nämede görýärsiňiz?

—Men —toparyň oýunçysy. Eger biz utulan bolsak, diýmek, hemmämiz, şol sanda men hem ýeňildim. Bu ýeňlişiň janköýerlerimiziň lapyny keç edendigini bilýän. Men olar bilen pikir alyşmaga hemişe açyk, şol sebäplem, biziň üçin ýakymsyz netije üçin ötünç soradym. Ýöne öz meýdanymyzda görersiňiz, Omana garşy düýbünden başga oýun bolar.

—Türkmenistanyň ýygyndysy toparçanyň öňdebaryjylaryndan — Eýranyň, Omanyň, Guamyň ýygyndylaryndan 6 utuk yza galýar. Häzir futbolçylarymyza öňde goýlan maksada ýetmek — ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin jebisleşmek zerur bolup durýar. Geçen üç oýundan soň, toparda nähili ýagdaý höküm sürýär, ýygyndymyz ýaryş tertibindäki ýagdaýyny gowulandyryp bilermi?

—Öňde öz meýdanymyzda iki oýun bar, bu öňdebaryjylaryň yzyndan ýetmek üçin ajaýyp mümkinçilik. Geliň, futbolçylardan başlap futbol muşdaklaryna çenli şu maksadyň töwereginde jebisleşeliň. Topardaky ýagdaý örän gowy. Elbetde, Omandan ýeňilmegimiz birneme gynandyrdy. Ýöne öňde öz meýdanymyzda boljak duşuşyklarda ähli zady düzedip bolar.

—Ýygyndymyzyň Dünýä çempionaty — 2018-iň indiki saýlama tapgyryna çykmak mümkinçiligine nähili baha berýärsiňiz?

—Bu ýeňil wezipe däl, biziň bary-ýogy bir utugymyz bar. Ýöne biz öz meýdanymyzda boljak öňdäki oýunlarda 6 utuk alyp bilsek, ýagdaý üýtgär şonda biz toparçadan çykmak ugrunda göreşeris.

—Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda milli ýygyndynyň häzirki düzümini güýçlendirip biljek başga futbolçylar barmy?

—Häzir men — oýunçy, meniň işim meýdana çykyň, futbol oýnamak. Belki, biz bu sowala gelejekde, haçan-da, men ýurdumyzyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edenimde dolanyp geleris (ýylgyrýar). Häzirlikçe bolsa bu işi biziň tälimçilerimize goýalyň.

—Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hindistanyň we Guamyň garşysyna geçiriljek duşuşyklaryndan nämeleri garaşýarsyňyz?

—Menem türkmen futbolunyň ähli janköýerleri ýaly bu duşuşyklara garaşýaryn. Ýurdumyz üçin bu — futbol baýramçylygy ahyryn. Toparymyzyň bu oýunlara höwes-hyjuwy ýokary bolar diýip pikir edýärin. Men diňe ýeňşe garaşýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň