Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1-nji awgustdan mekdep bazarlarynyñ söwdasy başlanar

22:3428.07.2023
0
39866

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly nobatdaky­ Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiñ barşynda wise-premýer B.Atdaýew mekdep harytlarynyñ söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyñ Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiñ söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we talyplar üçin, harytlary öndürijiler we iberijiler bilen bilelikde, ýurduñ bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplary hem-de beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň söwdasyny şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabryna çenli geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diñläp, mekdep harytlarynyñ bazarlarynyñ ýerleşdirilýän ýerleriniñ alyjylar üçin amatly bolmagy hem-de mekdep harytlarynyñ bolçulygynyñ üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiñ zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer B.Atdaýewe bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň