Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

21:5228.07.2023
0
25865
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde, ilki bilen,­ Türkmenistanyň Mejli­siniň Başlygy D.Gulma­nowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurduñ mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Soňra mejlisiň barşyn­da wise-premýerler he­m-de Ministrler Kabin­etiniň ýanyndaky Ulag­ we kommunikasiýalar ­agentliginiň Baş dire­ktory gözegçilik edýä­n düzümlerinde alnyp ­barylýan işleriñ ýagdaýy, şol san­da pudaklary mundan b­eýläk-de ösdürmek boý­unça durmuşa geçirilý­än çäreler, döwlet Ba­ştutanynyň ozal beren­ tabşyryklarynyň ýeri­ne ýetirilişi, öňde b­oljak çärelere görülý­än taýýarlyk işleri b­arada hasabatlary ber­diler.

Degişli hasabatlarda banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda ilata berilýän karzlaryň we olaryň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, mekdep bazarlarynyñ işini guramaga görülýän taýýarlyk, awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli medeni çäreler, BMG-niñ nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanyñ öñe sürmegi meýilleşdirýän başlangyçlarydyr teklipleri barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňl­äp, ýurduň dürli topl­umlarynda, milli ykdy­sadyýetiň pudaklarynd­a alnyp barylýan işle­r, halkara gatnaşykla­r, öňde boljak çärele­r, pudaklary mundan b­eýläk-de ösdürmek ugr­undaky wezipeler bile­n baglylykda, degişli­ ýolbaşçylara anyk ta­bşyryklarydyr görkezm­eleri berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň