Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sähra» tikinçilik öýüniň tikinçileri türkmen milli äheňindäki ajaýyp lybaslary döredýärler

17:2628.07.2023
0
89546

«Sähra» tikinçilik öýi Aşgabadyň hem-de beýleki şäherleriňdir obalaryň ýaşaýjylaryna agşam hem-de gündiz geýmek üçin niýetlenen milli äheňdäki owadan lybaslary tikip bermek hyzmatlaryny hödürleýär.

Tikinçilik öýüniň ýanyndaky dükanda bir nusgada tikilen taýýar köýnekler hem bar. Köýnekleri tikmekde «Sähra» tikinçilik öýüniň dizaýnerleri we tejribeli tikinçileri mahmal, parça, ýüpek, organza ýaly Türkmenistanda meşhur matalary ulanýarlar.

Tikinçilik öýünde müşderiniň lybasyň fason, reňk aýratynlygy, stili, milli türkmen keşdeçilik däplerinde döredilen bezegleri bilen bagly ähli islegleri göz öňünde tutulýar.

«Sähra» tikinçilik öýüne baryp milli äheňdäki özboluşly köýnekleri sargyt etmek üçin tikinçilik öýüniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Gurbannazar Ezizow köçesiniň (ozalky Sowhoznaýa), 11-nji jaýy «Çaga» binasy. Telefon belgileri: (+993 62) 43 77 84, (+993 65) 40 08 00.

Şeýle-de «Sähra» tikinçilik öýüniň geýimleriniň nusgalary atelýenyň sosial ulgamdaky sahypasynda we «Tiktok» platformasyndaky sahra_atelye sahypasynda hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň