Türkmenistanda ýerleriň zaýalanmagyny aradan aýyrmak boýunça seminar geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bu ugurda gazanylan üstünlikler, şeýle hem Amyderýanyň basseýninde ýer we suw serişdeleriň dikeldilmegi we gowulandyrylmagy barada pikir alyşdylar.
Ýeriň zaýalanmagyny aradan aýyrmak düşünjesi ilkinji gezek BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş Konwensiýasynyň global dialogynyň garamagyna hödürlenildi we 2012-nji ýylda halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanyldy.
Ýeriň zaýalanmagyny aradan aýyrmagy üpjün etmek ýerleriň adamlara, adamlaryň bolsa ýere berýän zatlarynyň arasynda funksional deňagramlylygy ýokarlandyrmaga şert döredýär.
«Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamanyň çäginde geçirilen seminar BMGÖM tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, bu seminar ýerleriň zaýalanmagynyň deňagramlylygyny gazanmak ugrundaky mümkinçilikleri artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň bir bölegi bolup durýar.
