Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň täze başlyklygyna Wan I bellendi diýip, «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» belarus saýty ýazýar.
HHR-iň parlamenti ýurduň DIM-niň başlygy wezipesinden Sin Gany boşadyp, onuň ýerine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary işler boýunça komissiýasynyň diwanynyň başlygy Wan Ini belledi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin bu barada degişli Karara gol çekdi.
Wan I Hytaýyň daşary işler ministri bolup, 2013-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli işledi, soňra 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary işler boýunça komissiýasynyň diwanynyň başlyklygyna bellendi.