Russiýa Federasiýasynda ýyllyk azyk hümmetsizlenmesi iýunda 0,08 göterim derejede hasaba alyndy, bu Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň pes derejedir diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.
Iň ýokary derejeli azyk hümmetsizlenmesi Wengriýada hasaba alyndy, iýunda ol soňky on aýda ilkinji gezek 30 göterimden pese düşüp, 29,3 göterime deň boldy. Ýokary derejeli azyk hümmetsizlenmesi boýunça ilkinji bäşlige şeýle hem Serbiýa (22,1 göterim), Estoniýa (19,5 göterim), Slowakiýa (18,9göterim) we Rumyniýa (17,9 göterim) girdi.
Nyrhlaryň ösüşiniň depgininiň pese gaçmagy ýene bäş ýurtda – Finlýandiýada (9,2 göterim), Daniýada (8,8 göterim), Portugaliýada (8,6 göterim), Şweýsariýada (5,1 göterim), Belorussiýada (3,6 göterim) hasaba alyndy.