Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy

17:3321.07.2023
0
51987

Nigeriýaly erkek kişi aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmak üçin tasdan hemişelik kör galypdy, onuň gözleri wagtlaýyn gapyldy diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «Kazinform» habar berýär.

Tembu Ebere diýen adam bütin hepdeläp yzyny üzmän möňňürip aglady, emma onuň kellesi agyryp başlady, ýüz-gözi güp ýaly çişdi, netijede, 45 minutlap gözi görmedi.

«Men aglamagyň usulyny üýtgetmeli we möňňürmämi azaltmaly diýen netijä geldim» diýip, Ebere gürrüň berdi hem-de aglamak boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek meýlinden ýüz öwürmekçi däldigini sözüniň üstüne goşdy. Emma

Ginnesiň kitabyna öz rekordyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutmandygy sebäpli onuň üstünligi hasaba alynmasa gerek.

Şu ýylyň maýyndan bäri her edip-hesip edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge jan edýän nigeriýalylaryň köpelýändigi habarda aýdylýar.

Şeýle tutanýerli nigeriýalylaryň arasynda Jon Obot diýen mekdep mugallymy hem bar, ol öňdäki sentýabrda nusgawy edebi eserleri 140 sagatlap sesli okap Ginnesiň rekordlar kitabyna girmekçi bolýar.

Nigeriýaly ýene bir zenan bolda, owkalamak boýunça rekord goýmak isläp, 50 sagatdan soň huşundan gitdi. Eger ol bu maksady barada Ginnesiň rekordlar kitabyny habardar eden bolsady, hökman kitaba adyny ýazdyrardy diýip, BBC habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň