Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AMAKids» mental arifmetika boýunça mugt synag sapagyny hödürleýär

10:0321.07.2023
0
15022

Çagalaryň intellektini ösdürmek bilen meşgullanýan «AMAKids» akademiýasy 5 – 16 ýaş aralygyndaky çagalary mental arifmetika boýunça mugt synag sapagyna çagyrýar.

Mental arifmetika başarnyklary kynçylyksyz uly belgili sanlaryň (bäş we hatda alty belgili sanlar) hasaplamalary ýatdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mental arifmetika bilen meşgullanýan adamlar kalkulýatoryň ýa-da kagyzdyr galamyň kömegi bolmazdan uly belgili sanlary goşmagy, köpeltmegi, aýyrmagy we bölmegi başarýarlar.

Uly belgili sanlaryň hasaplamalaryny ýeňillik bilen geçirmäge mümkinçilik döredýän bu usul «abakus» diýlip atlandyrylýan gadymy hasaplama usulyna daýanýar. Okuwçylar olaryň kömegi bilen dürli arifmetiki amallary ýerine ýetirmegi öwrenýärler, geljekde bolsa eýýäm amallary peýdalanmazdan, olary diňe göz öňüne getirip hasaplamalary ýerine ýetirip bilýärler.

Mental arifmetika sapaklary diňe bir ýatdan çalt hasaplamak ukybyny ösdürmän, eýsem, geljekde has çylşyrymly matematiki meseleleri özleşdirmäge kömek edýär, ýatkeşligi we ünslüligi gowulandyrýar, logiki pikirlenişi ösdürýär.

Hytaý we Ýaponiýa ýaly birnäçe ýurtda mental arifmetikasy aňy ösdürmegiň usullarynyň biri hökmünde işjeň ulanylýar we hatda käbir mekdepleriň maksatnamalaryna hem girizilendir.

Çagaňyzy «AMAKids-de» mental arifmetika boýunça mugt synag sapagyna ýazdyrmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38 ýa-da (+993 62) 20 64 19.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň