Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar

00:5520.07.2023
0
34122

Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda dowam edýän küşt boýunça Aziýanyň 17-nji çempionatynda türkmenistanly türgenler nusgawy görnüş boýunça ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, 13 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşýan Mähri Agamyradowa mümkin bolan 9 utugyň 6,5 utugyny toplap, Şri-Lankanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen bilelikde ilkinji üç orny paýlaşdy. Ol ýaryşyň dowamynda çempionlygyň esasy dalaşgärleri bolan garşydaşlaryny ― şri-lankaly Mudaliga Umandini we özbegistanly Sewinç Dawlatowany ýeňip, umumy hasapda kümüş medalyň eýesi boldy.

Ýaryşdaky ilkinji medalyny 14-nji iýul güni rapid görnüşinden gazanan Lala Şöhradowa nusgawy görnüşde mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, ikinji medalyny hem eýeledi. Ol utuk boýunça diňe özbegistanly Güldona Karimowadan (7 utuk) we gyrgyzystanly Begimaý Žanybekowadan (6,5 utuk) yza galyp, üçünji orny eýeledi. Lalanyň 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşandygyny ýatladýarys.

Şu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda Amanmuhammet Hommadowyň hem tä ahyrky tapgyrlara çenli medal üçin göreşendigini habar berýäris. Ýöne ol mümkin bolan 9 utukdan 5,5 utuk toplap, ýaryşy altynjy basgançakda tamamlady.

Şeýle hem 9 ýaşa çenli derejede Aýa Baýramowa altynjy, 15 ýaşa çenli derejede Gülmira Seýilhanowa sekizinji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, küştüň nusgawy görnüşinde her bir oýunça jemi 90 minut wagt berilýär. Bu wagta her bir netijeli hüjüm üçin 30 sekunt goşulýar. Nusgawy görnüş küştüň iň meşhur görnüşidir. «Halkara sport ussady», «grossmeýster» ýaly atlar hem hut şu görnüşdäki üstünlikler bilen bagly berilýär.

Aziýanyň çempionaty 20-nji iýulda blis boýunça geçiriljek ýaryşlardan soň tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň