Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň okuwa kabul ediş möwsümi başlandy

11:5418.07.2023
0
41537

Duşenbe güni — 17-nji iýulda Türkmenistanda 2023-nji ýylyň okuwa kabul ediş möwsümi başlandy. Kabul edişlik möwsümi ilkinji gününden ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde orta mekdepleriň uçurymlary üçin ýörite gepleşikler taýýarlanyldy. Olarda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirilen «Açyk gapylar» günleri barada gürrüň berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 17-nji iýul — 28-nji awgust aralygynda guramak tabşyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu topara okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar.

Ýurtda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygyny nazara almak bilen, täze hünär bilim edaralary açylýar. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar. Olaryň birinjisinde 5-6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanar. Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Okuwa kabul ediş möwsümi 28-nji awgusta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň