Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçüleri okuwçylaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda öňdebaryjylaryň hatarynda ýaryşýarlar

12:1517.07.2023
0
36179

Türkmenistanly küştçüler şu günler Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän mekdep okuwçylarynyň 17-nji Aziýa çempionatynda gowy netijeleri görkezýärler.

Yklym ýaryşynyň nusgawy görnüş boýunça duşuşyklarynda ilkinji dört tapgyrdan soň 13 ýaş derejesinde Mähri Agamyradowa, 15 ýaşa çenli derejesinde bolsa ýene-de Mähri Agamyradowa bilen Gülmira Seýilhanowa birinji orunda barýarlar. Bu okuwçylaryň ikisi hem Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgenleridir.

Şeýle hem Lala Şöhradowa (17 ýaşa çenli), Aýa Baýramowa (9 ýaşa çenli) dagylar öz ýaş derejesinde öňdebaryjylaryň hatarynda ýaryşy dowam etdirýärler. Olaryň ikisi hem 3 utuk toplady. 11 ýaşa çenlileriň arasynda Nebahat Muradowanyň 2, 7 ýaşa çenlilerde Enejan Çarygulyýewanyň 1 utugy bar.

Oglanlar maksada okgunly çykyş edýän hem bolsalar, olar heniz öňdäki orunlara geçip bilenoklar. 15 ýaşa çenli derejede Sanjar Gaýbullaýew, 13 ýaşa çenlilerde Aly Ahmedow, 11 ýaşa çenlilerde Alyhan Batyrow, 9 ýaşa çenlilerde bolsa Omarbek Ysmaýylow mümkin bolan 4 utukdan 2-sini toplap bildiler.

Aziýanyň çempionatyna küşt sportunda has öňe saýlanan Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan, Özbegistan, Russiýa ýaly döwletleriň wekilleri hem gatnaşýar. Has takygy, yklym çempionlygy üçin 17 döwletden 330 küştçi ýaryşýar. Nusgawy görnüşdäki ýaryşlar 19-njy iýula çenli dowam eder.

Yklym çempionatynyň rapid ýaryşynda 17 ýaşa çenli derejede Lala Şöhradowanyň kümüş, Amanmuhammet Hommadowyň bürünç medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň