Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly» rallisiniň nobatdaky tapgyrynda türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler

10:5115.07.2023
0
34270

Halkara «Ýüpek ýoly» rallisiniň 8-nji tapgyry tutuş ýaryşyň iň uzyn tapgyry boldy. Bu tapgyrda toparlar jemi 772 kilometr ýol geçmeli boldular. Tapgyrdaky has çylşyrymly aralyk 314 kilometre ýetdi. Ol Arçedinsk ― Don sähralyklarynyň içinden geçdi. «Silkwayrally.com» saýty bu tapgyrda toparlaryň aglabasynyň kynçylyk çekendigini ýazýar.

T2 görnüşli ulaglaryň arasynda Podmoskowýeli Anton Melnikowyň topary «Toyota LC 200» ulagy bilen iň ýokary netijäni görkezdi. Ýeňijiniň yzyndaky üç orny bolsa türkmenistanly sürüjiler eýelediler. Has takygy, Merdan Toýlyýew ikinji, Maksatmyrat Daňatarow üçünji, Şamyrat Gurbanow bolsa dördünji bolup pellehana geldi. T2-niň ilkinji bäşligini Leonid Petrow jemledi.

Ýewraziýa yklymynyň iň uzyn ralli ýaryşynyň tamamlanmagyna bir gün galdy. Iň aýgytlaýjy kilometrler bolsa sürüjileriň heniz öňünde.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň