Soňky habarlar

Arhiw

Podpolkownik A.Sazakow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

23:1014.07.2023
0
37455

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Karary esasynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu gullugyň başlygynyň orunbasary podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowyň üstüne ýüklenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň