Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

JICA-nyň geňeşçisi Türkmenistana sapar bilen geldi

20:4612.07.2023
0
31941

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) syýahatçylygy ösdürmek boýunça geňeşçisi hanym Ýumi Mizumori Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Surat из соцсетей Посольства

Hanym Ýumi Mizumoriniň bu sapary Türkmenistandaky syýahatçylyk ugurlaryny şöhlelendirmekde ýapon habarçysyna goldaw bermek, syýahatçylyk ýerlerine we infrastruktura baryp görmek hem-de ýurduň syýahatçylyk agentlikleri bilen duşuşyklar geçirmek ýaly birnäçe maksady öz içine alýar.

Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geňeşçi ikitaraplaýyn türkmen-ýapon, şeýle hem syýahatçylyk pudagyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada pikir alyşmalara gatnaşdy diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň