Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky «iň gowy derwezeçisi» «Ahalyň» düzümine goşuldy

16:2312.07.2023
0
30527

«Ahal» Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň 2022-nji ýyldaky «iň gowy derwezeçisi» bilen düzümini güýçlendirdi. 27 ýaşly futbolçy indi öz toparyna AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsüminde kömek bermäge çalşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Rahat Japarow şu ýylyň fewral aýynda şertnamanyň möhletiniň dolandygy sebäpli, «Abdyş-Ata» gyrgyz topary bilen hoşlaşypdy. Ol bu topar bilen Gyrgyzystanyň çempiony hem-de ýurduň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Şeýle-de, ol «Abdyş-Atadaky» görkezen oýunlary üçin 2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň «iň gowy derwezeçisi» diýlip ykrar edilipdi.

Transfermarkt saýty Rahat Japarowyň transfer bahasyny 200 müň ýewro möçberde kesgitleýär.

Maglumat üçin, Rahat Japarow 2021-nji ýylda Täjigistanyň çempionatynda hem «iň gowy derwezeçi» bolupdy. Ol 2019-njy ýyldan bäri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň