Top.Mail.Ru

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi

22:5808.07.2023
0
54868

Şu gün Gurban aýynyň nurana günlerinde mukaddes Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Aşgabada sag-aman dolanyp geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, zyýaratçylar mukaddes däp-dessurlary, musulman dünýäsindäki parz işleri berjaý etmäge döwlet tarapyndan döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl türkmen zyýaratçylarynyň jemi 2312-si «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Aşgabat — Jidda aralygynda ýörite guralan göni howa gatnawlary arkaly sekiz günüň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda haj parzyny berjaý etmäge ugradyldy.

Türkmen zyýaratçylary yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan mukaddes Mekgede bolup, keramatly Käbä togap etdiler. Ýedi ýola Sapa we Merwe daglarynyň aralygyny geçdiler. Olar Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelen musulmanlar bilen bilelikde haj parzyny berjaý edip, mukaddes Medinede Muhammet pygamberiň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň