Penza Söwda-senagat edarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä harytlaryny eksport etmek we daşary ýurt bilen söwda hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän Penza kärhanalarynyň 40 töweregi wekili gatnaşdy diýip, «PenzaPress» 7-nji iýulda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Penza Söwda-senagat edarasynyň başlygy Wladimir Podobed duşuşygy açyp, Russiýa Federasiýasynyň köp ýurtlarda, esasanam soňky 8 — 10 ýylda söwda wekilhanalarynyň ýokary derejeli işini belläp geçdi. Onuň nygtaýşy ýaly, Penza Söwda-senagat edarasy resmi saparlary, iş wekilhanalaryny, sergileri taýýarlamakda daşary ýurtly söwda wekilleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar.
Sebit Türkmenistan hem bilen köp wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýylyň ahyrynda Penza sebitiniň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 234,8 million rubla, şol sanda eksporty 87,9 million rubla barabar boldy. Penza kärhanalarynyň köpüsi Türkmenistana yzygiderli eksport edijiler bolup, olaryň arasynda «Nowyýe fermy», «Newskiý konditer», «Penzadizelmaş», «Maşeksport», «Penzeenergomaş», «Ýewraziýa» kompaniýalary bar.
— Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär, şonuň üçin häzir elektrik we metallurgiýa önümlerine, nebit we gaz enjamlaryna, sellýuloza we kagyz çig malyna aýratyn isleg bildirilýär. Şeýle-de azyk senagatynyň önümleri: et, süýt, galla, günebakar ýagy importyň däp bolan ugurlary bolup durýar. Penza çynlakaý üstaşyr merkezidir. Onuň üstünden uly haryt akymlary geçýär we demir ýol logistikasy gowy ösendir. Şol sebäpden, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde eltip berişleri artdyrmakda uly mümkinçilikleri görýäris — diýip, Aleksandr Ýelizarow belledi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.