«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Mary welaýatynyň önüm öndürijileri gant şugundyryny öndünmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
Şu ýyl gant şugundyrynyň ekiş meýdany Mary welaýatynda adatdaky ýyllardan 3000 gektar artdyrylar. Ýagny ozalky ýyllarda welaýat boýunça 14900 gektarda ekilen bolsa, üstümizdäki ýylda gant şugundyrynyň ekiljek meýdany 17 müň 900 gektara ýetiriler. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin bu sebitiň gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçileri, telekeçileri, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň agzalary, ýer eýeleri gant şugundyrynyň ekişini barha güýçlendirýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Häzirki wagtda gant şugundyrynyň ekişini öz möhletinde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek barada öňünden düzülen iş meýilnamasyna eýerilip, her günde ortaça 1000 gektarda ýokary hilli ekiş geçirilýär. Şeýlelikde, ekiş möwsüminiň başyndan bäri welaýatda 12000 gektardan gowrak meýdana gant şugundyry ekilipdir. Bu işi gysga wagtda ýokary hilli geçirip gutarmak üçin traktorlaryň we ekiji gurallaryň ýeterlik mukdary jemlenipdir. Bu bolsa ekişi gowşamaýan depginlerde alyp barmaga ýardam berýär. Şunda Sakarçäge, Baýramaly, Garagum etraplarynyň ussat ekerançylary köplere nusga bolup gelýärler.
Hasyl ussatlary şu ýyl 224 müň tonna gant şugundyryny öndürmegi maksat edinýärler. Munuň üçin olar döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekýärler.