Şu gün Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystan Patyşalygyna saparynyň dowamynda sowgat berlen «Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitaby tanyşdyrmaga bagyşlandy.
Institutyň mejlisler zalynda dowam eden kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň dürli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary jaýlarynyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlar gatnaşdy. Türkmenistandaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu dabaranyň hormatly myhmany boldular. Bu barada «Türkmenistaninfo» habar berýär.
Yslam ösüş banky, resmi ýagdaýda öz işine 1975-nji ýylyň oktýabrynda başlady. Yslam ösüş bankynyň esasy wezipeleri we maksatlary şulardan ybaratdyr: durmuş özgertmeleriň ösüşini güýçlendirmek ýaly umumy maksatlara laýyklykda bu bank agza ýurtlarda döwlet bölegindäki taslamalary, şeýle hem hususy gurşawdaky önümçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek işini amala aşyrýar. Yslam ösüş bankynyň häzirki agzalygy 57 ýurtdan ybarat bolup durýar. Yslam ösüş bankynyň agzalygy dünýäniň dört, ýagny Afrika, Aziýa, Ýewropa we Latyn Amerikasy sebitlerine ýaýrandyr.