Türkmen wekiliýeti Täjigistanyň Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamyndaky sebitara gatnaşyklar, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, saglygy goraýyşa maýa goýumlary goýmak, sebitleýin we milli borçnamalaryň ýerine ýetirilişi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan çagyrylan bu ýygnak bäş ýurda Merkezi Aziýada saglyk we abadançylyk meselelerini çözmek üçin bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmäge we özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýol açýar.
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşyk arkaly Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak üçin «Ýol kartasynyň» (2022 — 2025-nji ýyllar) birinji ýylynyň jemlerine seredildi.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak üçin «Ýol kartasy» (2022 — 2025) Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda tassyklanypdy.
Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlaryna COVID-19 pandemiýasy we howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy kynçylyklara bilelikde garşy durmaga kömek etjek saglyk we abadançylyk üçin möhüm esas bolup durýar. Resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde saglygy we abadançylygy ösdürmek baradaky sebitleýin we milli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini çaltlaşdyrjak syýasy, maýa goýum we tehniki maksatlary hem-de wezipeleri öz içine alýar.
Duşenbe duşuşygynyň dowamynda taraplar garalan degişli meseleleriň oňyn çözgütlerini durmuşa geçirmek babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça ylalaşdylar. Olar aşakdakylardan ybarat:
- Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we hyzmatdaşlarynyň syýasy gün tertibinde saglygy goraýyşy üns merkezinde saklamak;
- Merkezi Aziýada saglygy goraýyş babatda strategiki bileleşik döretmek;
- Mümkinçilikleri işjeňleşdirmek we bilelikdäki taslamalara goldaw bermek;
- Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalaryň utgaşdyrylmagyny öňe sürmek.
- Duşuşykda oňa gatnaşyjylar degişli «Ýol kartasynyň» Merkezi Aziýada saglyk meýilnamasyny öňe sürmek üçin, käbir bilelikdäki syýasy, tehniki we maýa goýum çäreleriniň durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrjakdygy we çaltlaşdyrjakdygy barada belläp geçdiler.

