Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gadyr Style» özbaşdak dizaýn boýunça sargyt esasynda uniformalary taýýarlaýar

10:1405.07.2023
0
27000

«Gadyr Style» kärhanasy özbaşdak dizaýn boýunça uniformalary we ýörite kärhana logotipleri ýerleşdirilen dokma önümlerini işläp taýýarlamak we tikip bermek hyzmatlaryny hödürleýär.

Futbolkalar, köýnekler, batnikler, ýeňsizler we beýleki şu hili uniformalar kompaniýanyň we guramanyň häzirki zaman korporatiw medeniýetiniň özboluşly bölegi hasaplanýar. Önümçilik ýa-da hyzmat ugurly kärhanalar öz hünärmenlerini her möwsüme laýyklykda, birmeňzeş tassyklanan nusgada tikilen formalar bilen geýindirmek isleýärler. Eger korporatiw geýimler kompaniýanyň oňyn imijini döretmäge täsir edýän bolsa, onda müşderilere paýlanýan haryt nyşanly dokma önümleri haryt nyşanynyň tanalmagyna we potensial müşderileriň gerimini giňeltmäge kömek edýär.

«Gadyr Style» kärhanasynda önümlere şekiller iki görnüşde geçirilýär: tikmek we matanyň ýüzüne ýörite durnukly boýag bilen çap etmek arkaly. Bu hili şekiller ýuwmakda-da çydamly, köp gezek ýuwulan mahaly hem durkuny we reňkdarlygyny ýitirmeýär.

«Gadyr Style-yň» müşderileriniň hataryna «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun» ýaly kärhanalar, «City market», «Paýtagt», «Şerbet» ýaly dükanlar torlary, «Merkezi seýilgäh», «Nescafe» ýaly kafeler we restoranlar hem-de beýleki türkmen haryt nyşanlary girýär.

«Gadyr Style» kärhanasyndan uniformalary we logotip ýerleşdirilen promo önümlerini sargyt eden müşderiler geljekki önümleriň dizaýnyny hem-de reňkini özbaşdak saýlap bilerler. Müşderä ilkinji — synag nusgalary görkezilenden soň, önümleriň ähli tapgyrlaýyn önümçiligi amala aşyrylýar. Sargyt etmek üçin önümleriň iň az mukdary — 50 sany bolmalydyr.

Kärhananyň wekilleri bilen habarlaşmak we sargyt etmek üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 08 23 47.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň